Astana sammitinde raýat saparlary boýunça Başlangyç kabul edildi

BT
Astana sammitinde raýat saparlary boýunça Başlangyç kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa — Hytaý" formatyndaky sammite gatnaşýar, 2025-nji ýylyň 17-nji iýuny, Astana, Gazagystan (Surat: akorda.kz)

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde sişenbe güni geçirilen sammitiň netijeleri boýunça “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Astana şäherinde ýerleşýän “Garaşsyzlyk” köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ikinji sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Sammitiň gün tertibi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Syýasy dialogy giňeltmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak; üstaşyr ulag baglanyşygyny ösdürmek; energetika we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek şolaryň hataryndadyr. Şunda sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem sammitde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ikinji gezek geçirilen sammitiň netijeleri boýunça birnaçe resminamalara gol çekildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022