Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

BT
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: ogt-turkmenistan.com)

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen häkimiýeti bu raýatlar üçin üstaşyr geçişi üpjün edip, olaryň öz Watanyna dolanmagyna ýardam edýär.

Şeýle hem bu iş Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022