Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler

BT
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat, Türkmenistan (Surat:Türkmenistanyň DIM-i)

Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň 50-ä golaýy Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şenbe güni habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdiler.

Türkmen döwleti ýurduň gury ýer geçelgelerini, şeýle hem Aşgabadyň Halkara howa menzilini ulanmak bilen, daşary ýurt raýatlarynyň bökdençsiz geçmegi we olaryň öz Watanlaryna dolanmagy üçin zerur çäreleri görýär.

Şeýle hem bu iş Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

2022