Türkmenistan bilen Italiýa türkmen-italýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp Rimde geçiriljek işewürlik forumyna görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar. Bu 2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Italiýanyň paýtagty Rim şäherindäki Kolonna köşgünde geçirilen iş duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşyga Italiýanyň Aziýa boýunça işleri institutynyň (ISIA) Prezidenti Mario Morgoni, ISIA-nyň Baş sekretary Domeniko Palmieri, Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşanlar işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, oba hojalyk senagaty, dokma pudagy we maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda italiýan kompaniýalarynyň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň bazaryna çykmaga we Rimde geçiriljek işewürlik forumyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Şeýle hem, 19-njy iýunda Italiýanyň hökümet baştutanynyň rezidensiýasy bolan Kidji köşgünde Türkmenistanyň ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň Premýer-ministriniň diplomatik geňeşçisiniň orunbasary Pietro Sferra Karininiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda türkmen diplomaty türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniä 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çakylygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Awazada geçiriljek Deňize çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça BMG-niň Üçünji konferensiýasyna resmi çakylygyny gowşurdy.
Taraplar energetika, oba hojalygy, dokma senagaty we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem pikir alyşdylar.