Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow duşenbe güni Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň Baş direktory K.Gamsahurdiýan bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi.
Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň Baş direktory türkmen diplomatyny milli kitaphana we onuň taryhy, şeýle hem Gruziýanyň döwlet we hususy kitaphanalarynyň köpsanly gadymy kitaplar ýygyndysy bilen ýakyndan tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň, şol sanda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine degip geçdiler. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde we çuňlaşdyrmakda ýokary derejedäki saparlaryň, hususan-da Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň uly orun eýeleýändigi aýratyn bellenip geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň milli kitaphanalarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga we göni aragatnaşygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we öraza bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de has hem işjeň ösjekdigine we halklaryň bähbitlerine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.