Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa salamyny we rowaçlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hakyky dosty hökmünde döwletara dialogy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar netijeli döwletara gatnaşyklary iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Şeýle hem şol gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





