Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen duşuşyk (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýekşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň däp bolan türk-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem şol gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşliklerini geçirdi.

2022