Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar

BT
Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Dünýa Liderleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow gutlag hatlaryny ýolladylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Ermenistan Respublikasynyň dördünji Prezidenti Armen Sarkisýan, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger gutlady.

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de durnukly ösüş arzuw etdiler.

Mundan başga-da, daşary ýurt guramalarynyň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdylar.

 

2022