Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Yslamabatda Şri-Lankanyň Pakistanda täze bellenilen ýokary komissary, pensiýadaky kontr-admiral Fred Senewiratne bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we bu gatnaşyklaryň ösüşine goşmaça itergi berip biljek uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bar bolan diplomatik ýollary we hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ulanmak arkaly yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar.
Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 28-nji maýynda ýola goýuldy.