Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahat geçiriler

BT
Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahat geçiriler
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: turkmenistan.gov.tm)

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma BMG-niň agza ýurtlaryndan, halkara maliýe guramalaryndan, sebit birleşmelerinden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem halkara bilermenleriň, ylmy jemgyýetçiliginiň we işewür toparlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, tegelek stollar we ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar.

Maslahatyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny ösdürmek, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar.

Şeýle hem maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň we ynamly hyzmatdaşlygyny görkezýär.

2022