“Casale” bilen “Daewoo” Türkmenistanda iki sany dökün zawodyny gurar

BT
“Casale” bilen “Daewoo” Türkmenistanda iki sany dökün zawodyny gurar
"Casale" we "Daewoo Engineering & Construction Co." kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanda dökün zawodynyň taslamasyny düzmek boýunça täze şertnama gol çekýärler. (Surat: "Casale")

Şweýsariýanyň inženerçilik kompaniýasy “Casale” Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction Co.” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Türkmenabat şäherinde gurlajak iki sany täze dökün zawodynyň taslama resminamalaryny (PDP) taýýarlamak boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada “Casale” kompaniýasy duşenbe güni öz resmi web sahypasynda habar berdi.

Bu taslama “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça amala aşyrylar we bu “Casale” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada dökün önümçiligi pudagyndaky ornuny giňeltmek ugrunda möhüm ädim bolup çykyş eder. Gurlmagyna garaşylýan kärhanalaryň düzüminde ammoniý sulfatynyň (AS) granulasiýa zawody we ýönekeý granulirlenen superfosfat (PSF) zawody bolar.

Zawodlar işe girizilenden soň, bu ýerde “Casale” kompaniýasynyň “CULTIVA-Sphos” tehnologiýasy esasynda ýylda 350 müň tonna PSF, şeýle hem “CULTIVA-PIPEX” ulgamy arkaly 100 müň tonna AS öndüriler. Bu iki görnüşli dökün oba hojalygynda topragyň hilini we hasyllylygy ýokarlandyrmak maksady bilen köplenç bilelikde ulanylýar.

Baş edarasy Şweýsariýada ýerleşýän “Casale” kompaniýasy 400-den gowrak hünärmenleri özünde jemläp, ýüz ýyldan gowrak wagt bäri dünýäniň dürli künjeklerinde himiýa senagaty üçin tehnologik we inženerçilik çözgütlerini hödürleýär. Bu täze taslama “Casale” kompaniýasynyň halkara derejesindäki ornuny berkitmek bilen bir hatarda, Merkezi Aziýada oba hojalygynyň durnukly ösmegine-de ýardam berýär.

2022