Türkmenistanyň daşary işler ministri Hankendi şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň daşary işler ministri Hankendi şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 3-nji iýuly, Hankendi, Azerbaýjan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Hankendi şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow Azerbaýjanyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Ilham Aliýew hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň hem iň gowy arzuwlaryny Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna we doganlyk türkmen halkyna ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda ýakyn taryhy, medeni we etniki gatnaşyklaryň bardygyny ýene bir gezek tassyklap, ony doganlyk gatnaşyklar hökmünde häsiýetlendirdiler. Taraplar energetika, ulag, medeniýet, ynsanperwer gatnaşyklar, ylym, bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Raşid Meredow we Ilham Aliýew medeni gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, ýakynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň we Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini aýratyn bellediler.

2022