Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow penşenbe güni Pakistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň BMG bilen işleşýän Baş direktory Umer Siddik bilen duşuşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.
Ilçi Möwlamow Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty barada Umer Siddige maglumat berdi. Ol bu maslahatyň diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin wajyp bolman, eýsem bütin dünýä döwletleri üçin hem möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Umer Siddik Türkmenistanyň bu halkara forumy geçirmegi baradaky çözgüdini ýokary baha berip, munuň ýurduň konstruktiw we bitarap daşary syýasatynyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. Şeýle-de, ol açyk deňizlere durnukly çykalganyň üpjün edilmeginiň ygtybarly logistika, söwda we sebit integrasiýasynyň ösüşindäki strategik ähmiýeti nygtady.
Atajan Möwlamow Pakistan döwletini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklygyna saýlanmagy bilen gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maksatlaryny öňe sürmekde üstünlikleri arzuw etdi. Umer Siddik öz gezeginde Pakistan Respublikasynyň adalatly, parahatçylykly we deňagramly köp polýar dünýä tertibiniň ýörelgelerini öňe sürmek üçin ýolbaşçylyk wezipesini netijeli peýdalanmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň netijesinde taraplar BMG-niň dürli meýdançalarynda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we umumy bähbit esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





