Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Garaşsyzlyk güni bellenilýär. (Surat: english-culture.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda ýurduň Garaşsyzlyk Jarnamasy esasynda kabul edildi we bu sene her ýyl ýurtda federal baýramçylyk hökmünde bellenilýär.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda 10-njy aprelinde ýola goýuldy.

2022