Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.
Ministrler yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň we gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň has hem çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
Ministrler energiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine hem garadylar we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň esasy merkezi hökmünde strategiki ornuny nygtadylar.
Duşuşygyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýasy, özara söwda dolanyşygynyň artdyrylmagy, şeýle-de medeniýet, bilim, ylym we beýleki durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça mümkinçilikler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.