Türkmen alymlary topinamburdan inulin we şire öndürmek tehnologiýalaryny işläp düzýärler

BT
Türkmen alymlary topinamburdan inulin we şire öndürmek tehnologiýalaryny işläp düzýärler
Türkmenistanda ylmy barlaglaryň alnyp barylyşyndan bir pursat (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň alymlary  topinambur ösümliginden biologiki taýdan gymmatly maddalary hususan-da, inulini, resweratroly hem-de şire görnüşindäki glýukoza-fruktoza düzümli önümleri almak boýunça tehnologiýalary işläp düzýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Bu işläp düzülen tehnologiýa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan awtorlyk hukugy resmi taýdan bellige alyndy.

Topinamburyň esasy düzüm bölegi bolan inulin güýçli prebiotik hökmünde bellidir. Ol içege mikroflorasyny gowulandyrýar, immuniteti berkidýär we metabolizmi kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, inulin fruktoza-glýukoza şiresini almak üçin esasy çig mal bolup durýar, esasan-da süýji keseli bolan adamlar üçin tebigy şekeriň ornuny tutýar. 

Öndürilen şireler gury we suwuk görnüşde bolup, giňden peýdalanylýar. Olar azyk, farmasewtika we agrosenagat pudaklarynda ulanylyp bilner. Konditer önümlerini, çörek we konserwirlenen önümlerini, içgileri, haýwan iýmlerini öndürmekligi öz içine alýar, hatda aýratyn önüm hökmünde hem ulanylyp bilner.

 Bu innowasion işe biotehnologiýa laboratoriýasynyň müdiri Altyn Rahmanowa ýolbaşçylyk edýär.

2022