“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek meselesine garaldy

BT
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek meselesine garaldy
Haly önümçiliginden bir pursat (Surat: turkmenistan.gov.tm)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan çig mallar bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

2022