Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Babasadyk Çüriýew “Tokaýçy” haryt nyşanly kömelekleriniň içerki bazardan artýan bölegini, ýagny 165 tonnadan gowragyny daşary döwletlere eksport etdi. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, telekeçä degişli kärhana Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Üzümçilik” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşip, bu ýerde her gün kömelegiň 1-1,5 tonnasy öndürilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet tarapyndan bölünip berlen 6 gektar ýer böleginiň 3 gektary ýyladyşhana toplumy üçin göz öňünde tutulypdyr.
“Biziň kömeleklerimiz ekologiýa taýdan arassalygy hem-de tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Önümiň halkymyza elýeterli bahalardan hödürlenmegi ugrunda aýratyn aladalanýarys. Şunuň bilen baglylykda, kömelekleri ösdürip ýetişdirmekde gymmatly çig mal bolup durýan kompost döküniniň önümçiligini ýola goýandygymyzy bellemek gerek” diýip, telekeçi Babasadyk Çüriýew gürrüň berýär.
Ekologiýa taýdan arassalygy we gaýtalanmajak tagamy bilen tapawutlanýan ter kömelekler Türkmenistanyň söwda nokatlaryna we dükanlaryna yzygiderli iberilýär.








30437-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


