Türkmenistanda ornaşdyrylan bankomatlaryň üsti bilen 2024-nji ýylyň dowamynda 25 milliard 332 million 491 müň 440,00 manat möçberinde nagt pul serişdesi çekildi. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Biznes Reklama” gazetinde habar berilýär.
Türkmenistanyň bank ulgamynda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna 2 müň 131 sany bankomat hasaba alyndy. Şolaryň 447 sanysy Aşgabat şäherinde, 11 sanysy Arkadag şäherinde we 246 sanysy Ahal welaýatynda ilata hyzmat edýär.
Şeýle hem Balkan welaýatynda 274 sany, Daşoguz welaýatynda 279 sany, Lebap welaýatynda 432 sany we Mary welaýatynda 442 sany bankomat bar.
Türkmenistanda iň kän bankomat “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna degişlidir. Bu bankyň ýurduň çaginde jemi 1 022 bankomaty işleýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bank ulgamynda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna 5 million 996 müň 327 sany bank karty hasaba alyndy. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyndaky görkezijiler bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň bank ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň möçberi 34,66 göterim artdy.












30635-90x604.jpg)





