Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, bu tebigy betbagtçylyk köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we giň gerimli weýrançylyklara sebäp boldy.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
4-nji iýulda Kerr etrabynda ýüze çykan suw joşmasy sebit taryhynda iň uly betbagtçylyklaryň biri hökmünde görkezilýär. Derýalaryň suwy rekord derejesine — 8,8 metre çenli ýokarlandy, onlarça ýaşaýyş jaýlary, köpri we ýol bölekleri ýykyldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp betbagtçylyk bolan sebitde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


