Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy. Saparyň dowamynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynа (LLDC3) görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda konferensiýanyň çäreleriniň geçiriljek desgalaryny gözden geçirdi. Türkmenistanyň halkynyň Milli Lideri BMG-niň maslahatyň geçiriljek desgalarynyň ýerleşişi we enjamlaşdyrylyşy boýunça taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Çäräniň çäklerinde duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi üçin niýetlenen esasy desgalar we otaglar barada hem giňişleýin maglumatlar bilen tanyşdyryldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň ähli binalary we desgalary bir bitewi binagärlik şekilini saklamagyň möhümdigini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, Toplumyň binalarynyň abadanlaşdyrylyşynyň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň we desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Umuman, binalarda döredilýän mümkinçilikler halkara forumyň derejesine we ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyk gelmelidir.
Meýilleşdirilen çözgütleriň hatarynda toplumyň binalaryny ýörite gurlan dälizler arkaly birikdirmek, olaryň ugrunda bolsa türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna, halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýeten derejesine degişli maglumatlary beýan edýän sergileriň gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrar we onuň köpugurly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman ýolagçy awtobuslaryny ulanmak bilen netijeli logistika we ulag hyzmatlaryny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Ol maslahatyň dowamynda howpsuzlygyň, aragatnaşygyň hiliniň üpjün edilmegine hem-de internet ulgamlarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işi ýola goýulmalydygyna aýratyn üns berilmelidigini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy hem-de BMG-niň howandarlygynda geçiriljek maslahata görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde çykyş edýänler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertler döredilmelidini belledi.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylar bilen söhbetdeşlik geçirdi. Ol halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleri boýunça birnäçe teklipleri we maslahatlary berdi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





