“Türkmenistan” awiakompaniýasy Inçhon-Aşgabat-Stambul täze ugry ýola goýar

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Inçhon-Aşgabat-Stambul täze ugry ýola goýar
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary (Surat: news.rambler.ru)

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan Inçhon–Aşgabat–Stambul ugry boýunça täze halkara howa gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirýär. Bu ugur boýunça howa gatnawlar hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu täze ugur boýunça gatnawlar Inçhony Aşgabat arkaly Stambul bilen baglanyşdyrýar. Merkezi Aziýanyň möhüm ulag merkezi hökmünde çykyş edýän Aşgabat arkaly amala aşyrylýan bu hyzmat ýolagçy we ýük akymlaryny ýokarlandyrmak artdyrmak mümkinçiligine eýe bolup, uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat — Merkezi Aziýada ýerleşýän hemişelik bitarap döwletleriň biri bolup, taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Häzirki wagtda bolsa şäher energetika we infrastruktura taýdan ösen merkezine öwrüldi.

Bu ugur boýunça uçuşlaryň ýola goýulmagy, 2024-nji ýylyň iýunynda Günorta Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň “özara bähbitli hyzmatdaşlyk” derejesine ýokarlandyrmagyndan soň amala aşyrylýan ilkinji awiasiýa taslamasydyr.

Awiasiýadan başga-da, taraplar tebigy gaz, senagat desgalarynyň inženerçilik taslamalary, IT, ulag, dokma we durnukly ösüş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Täze ugur bolsa Merkezi Aziýa, Gündogar Aziýa we Ýewropa sebitleri bilen işewür we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek isleýän syýahatçylar, telekeçiler we işewür toparlarynyň wekilleri üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Bu ugur boýunça petekler Günorta Koreýadaky "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň resmi wekili bolan PAA kompaniýasyndan alyp bolar.

2022