Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde käbir ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniň başlygy wezipesinde işlän Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Konserniň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek onuň orunbasary Taňryguly Ataýewe tabşyryldy.
Soňra döwlet Baştutany önümçilikleriň durkuny täzelemäge, täze kärhanalary gurmaga gönükdirilen işleri dowam etmek, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek we täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri ýokarlandyrmak, şeýle hem mineral dökünleri talabalaýyk saklamak üçin täze, döwrebap ammarlary gurmak boýunça işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, birnäçe ýolbaşçylaryň we welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


