Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gol çekdi. Bu wezipä Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew 6 aý synag möhleti bilen bellenildi.
Türkmenistanyň resmi metbugaty habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, demir ýollaryň durkuny täzelemek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny doly kuwwatynda işletmek, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmak, bu ugurda täze hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, birnäçe ýolbaşçylaryň we welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





