Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda 2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş meýilnamasyny hem-de Türkmenistanyň talyplyga kabul ediş döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminama gol çekdi. Bu barada resmi türkmen metbugaty habar berýär.
Okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly 25-nji awgusty aralygynda geçiriler. Giriş synaglary Ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň degişli binalarynda geçirler.
Döwlet Baştutany zehinli hem-de ukyply ýaşlary saýlap almak bilen bir hatarda, giriş synaglarynyň adalatly we aç-açan esasda geçirilmeginiň, jemgyýetçilik gözegçiliginiň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.
Talyplyga kabul ediş döwlet toparyna 2025-nji ýylda ýurduň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş işleriniň guramaçylyk-usulyýet taýdan utgaşdyrylmagyny üpjün etmek we bu işleri düzgünleşdirilen tertipde geçirmek tabşyryldy.
Welaýat, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine bolsa kabul ediş iş toparlarynyň netijeli işlemegi üçin degişli şertleriň döredilmegini üpjün etmek tabşyryldy.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


