2019-njy ýylyň ahyrlarynda ulanyjylara ilkinji gezek hödürlenen “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ykjam goşundysy täzelenen görnüşde elýeterli edildi. “Android” ulgamyndaky ulanyjylar üçin goşundyny “Google Play” platformasyndan, “iOS” ulgamy üçin goşundyny bolsa “App Store” arkaly ýükläp almak mümkindir.
Täzelenen goşundy ulanyjylara soňky täzeliklere, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky harytlaryň bahalaryna, döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň tender bildirişlerine, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek sergiler bilen baglanyşykly habarlara hem-de iş orunlary baradaky bildirişler bilen dessin tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
“Biznes Türkmenistan” ýurduň dürli pudaklarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezmegi üçin hem platforma bolup durýar. Şeýle hem neşir ýerli biznesleriň bildirişlerini çap edip, olaryň alyp barýan telekeçilik işlerini ýerli halk köpçüligine we halkara jemgyýetçiligine ýetirýär.
Neşir türkmen, rus we iňlis dillerinde makalalary we seljermeleri çap etmek bilen ýurtdaky maýa goýum taslamalaryny hem-de hususy pudagyň ösüşini işjeň şöhlelendirýär.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


