Aşgabatdaky Türk medeni merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu möhüm sene, ýurduň erkinligini we konstitusion bütewiligini goramakda göreş alyp baran Türkiýäniň raýatlarynyň hatyrasyna bellendi.
Dabaraly çärä Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlary, ýerli hem halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Resmi dabaradan soň, bu ýerde 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky wakalaryň dokumental suratlarynyň sergisi açyldy.
Türkiýäniň Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan öňe sürlen başlangyç esasynda, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda 15-nji iýul resmi taýdan “Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni” hökmünde yglan edildi we şol ýyldan bäri hem her ýyl türk halkynyň tutanýerliliginiň hem-de agzybirliginiň nyşany hökmünde giňden bellenilýär.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


