Türkmenistan bilen BAE LLDC3 maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine garadylar

BT
Türkmenistan bilen BAE LLDC3 maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine garadylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hai Hamad Khamis Al-Hameli bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji iýuly, Aşgabat şäheri (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Тürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa sişenbe güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hai Hamad Khamis Al-Hameli bilen geçiren duşuşyklarynda awgust aýynda Awazada geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,
duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar şeýle hem strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar ikitaraplaýyn çäreleriň guralmagy bilen baglanyşykly beýleki meselelere hem garaldylar we ýurtlaryň arasyndaky köpugurly halkara meýdançasyndaky işjeň gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.

2022