Тürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa sişenbe güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hai Hamad Khamis Al-Hameli bilen geçiren duşuşyklarynda awgust aýynda Awazada geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,
duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şeýle hem strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar ikitaraplaýyn çäreleriň guralmagy bilen baglanyşykly beýleki meselelere hem garaldylar we ýurtlaryň arasyndaky köpugurly halkara meýdançasyndaky işjeň gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





