AIIB Türkmenistanda geçiriljek LLDC3 maslahatynda sergi pawilionyny gurnar

BT
AIIB Türkmenistanda geçiriljek LLDC3 maslahatynda sergi pawilionyny gurnar

Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky (AIIB) 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda (LLDC3) öz sergi pawilionyny gurnamagy meýilleşdirýändigini AIIB-niň Prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýewiň arasynda 2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen duşuşygynda bellenilip geçildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň başynda Szin Liçun bankyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk tejribesini artdyryp, gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Direktorlar geňeşiniň başlygy AIIB-niň LLDC3 maslahatyna işjeň gatnaşmaga çalyşýandygyny, şeýle hem bu çäräniň çäklerinde bankyň pawilýonyny gurnamaga meýilleriniň bardygyny mälim etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň häzirki daşary syýasaty hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara pikir alyşmalaryň netijeli bolandygyny nygtap, birek-birege minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle-de, türkmen tarapynyň wekiliýeti beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysyny AIIB-niň kitaphanasy üçin Szin Liçuna sowgat berdi.

2022