Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň çäginde Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjan döwletiniň esaslandyryjysy, milli lideri Geýdar Aliýewiň gubryna gül desselerini goýdy. Bu barada Azerbaýjanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi hatyralamak maksady bilen hökümet baştutanynyň ýadygärligiň öňünde tagzym etdi.

Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow akademik, meşhur alym - göz lukmany Zarifa Aliýewanyň ýadygärligini hatyralap, onuň gubryna hem gül desselerini goýdy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


