Gurbanguly Berdimuhamedow “Sea Breeze” dynç alyş toplumynyň ösüşi bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow “Sea Breeze” dynç alyş toplumynyň ösüşi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Emin Agalarow, 2025-nji ýylyň 16-njy iýuly, Baku, Azerbaýjan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çarşenbe güni Bakunyň merkezinden 30 minut uzaklykda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna bardylar. Hormatly myhmanlary toplumyň esaslandyryjysy Emin Agalarow garşylap, dynç alyş toplumynda amala aşyrylan we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri möçberli taslamalar bilen tanyşdyrdy. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Häzirki wagtda “Sea Breeze” dynç alyş toplumynda ýaşaýyş we söwda maksatly binalaryň 3 million inedördül metrden gowragy ulanylmaga berlip, 500-den gowrak desganyň gurluşygy tamamlandy. 2028-nji ýyla çenli toplumda ýaşaýanlaryň sany 50 müňden geçip, ähli tapgyrlaryň doly durmuşa geçirilmegi bilen bolsa bu görkeziji 500 müňe çenli ýeter diýlip çaklanylýar.

Toplumyň çäginde mekdep, çagalar bagy, saglygy goraýyş merkezleri ýaly durmuş-medeni maksatly desgalaryň doly toplumy hereket etmek bilen ýaşaýyş hem-de dynç alyş üçin döwrebap infrastruktura döredilipdir.

Häzirki wagtda bu toplumda 6,5 müňden gowrak işgär zähmet çekýär. Geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän esasy taslamalaryň biri hem meýdany 50 gektara barabar bolan ýarymaý görnüşindäki emeli ýarymadanyň gurluşygydyr.

“Sea Breeze” Hazar deňziniň geljegi uly kenarýaka sebitleleriniň birinde ýaşaýyş, işewürlik we dynç alyş üçin niýetlenen desgalary özünde jemleýän täsin halkara taslama hökmünde tanalýar.

2022