Türkmenistan bilen Gruziýa LLDC3 we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Gruziýa LLDC3 we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdy
Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Kaha Siharulidze bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 16-njy iýuly, (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň Bütindünýä meseleler boýunça syýasy müdirliginiň direktory Kaha Siharulidze bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, döwletleriň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin döredilen oňaýly şertler Türkmenistan bilen Gruziýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda ynamyň hem-de dostlugyň has-da pugtalanmagyna mümkinçilik döredýär.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň tagallalary netijesinde ýokary derejeli syýasy gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtadylar.

Duşuşykda BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hem garaldy.

Netijede, taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlarda gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we gepleşikleriň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

2022