Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew 2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Şuşa şäherinde gurlan ilkinji ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler. Bu barada penşenbe güni Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezdientiniň Şuşa etrabyndaky ýörite wekili Aýdyn Kerimow ýokary derejeli myhmanlary toplumda geçirilen abatlaýyş we gurluşyk işleri bilen tanyşdyrdy.

Umumy meýdany 8 gektara golaý bolan toplum 23 sany köpgatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolup, onuň gurluşygyna Azerbaýjan döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň awgustynda başlanylypdyr. Bu ýerde 450 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary göz öňünde tutulyp, olaryň 28-si bir otagly, 195-si iki otagly, 190-sy üç otagly, 30-sy dört otagly we 7 sanysy bolsa bäş otagly jaýlardyr.
Bu jaýlaryň bir bölegi Şuşa şäherindäki döwlet edaralarynyň işgärleri üçin niýetlenen gulluk ýaşaýyş jaýydyr. Şeýle hem, bu topluma häzirki wagtda umumylykda 1409 sany ýaşaýjy ýerleşdirilipdir. Toplumyň töwereginde giň gerimli abadanlaşdyryş we ýaşyl zolaklary döretmek işleri hem alnyp barylypdyr.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





