Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-2026-njy okuw ýyly üçin ýurduň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek seneleri we ýerleri barada habar berdi.
Orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar degişli okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde kabul ediler. Resminama kabul etmek işi 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 18-nji awgustyna çenli, dynç günleri hem ir sagat 8:00-dan agşam 18:00-a çenli, gündiz sagat 13:00-dan 14:00-a çenli arakesme bilen geçiriler.
Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýänler resminamalary 14 — 27-nji iýul aralygynda tabşyrylar. Beýleki orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa resminama kabul etmek 18-nji awgusta çenli dowam eder.
Ýokary okuw mekdeplerine resminamalar Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde kabul ediler.
Giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi sahypasynda ýerleşdirilýär.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





