Türkmenistan bilen Çehiýa LLDC3 maslahatyna görülýän taýýarlyklary maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Çehiýa LLDC3 maslahatyna görülýän taýýarlyklary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ilçisi Hemra Amanazarowyň Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 18-nji iýuly (Surat: Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçisi Hemra Amanazarow Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak bilen duşuşyk geçirip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy anna güni habar berýär.

LLDC3 maslahaty 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Forum deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň, halkara guramalaryň hem-de ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň wekillerini özünde jemläp, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durnukly ösüşe ýardam bermäge gönükdiriler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alyşdylar we bu derejedäki döwletleriň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar LLDC3 maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara guramalaryň çägindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna taýýardyklaryny tassykladylar.

2022