Türkmenistan YHÖG-niň salgyt resminamalaryna goşulmak mümkinçiligini öwrenýär

BT
Türkmenistan YHÖG-niň salgyt resminamalaryna goşulmak mümkinçiligini öwrenýär
Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň baş edarasy, Pariž, Fransiýa (Surat: Erik Piermon / AFP)

Türkmenistan Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny  awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak ýaly Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) esasy resminamalaryna maksadalaýyklygyna garamagy dowam etdirýär. Degişli teklip barada anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow habar berdi.

Wise-premýer halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan anyk ädimler barada hasabat berdi. Hasabatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda YHÖG-niň birnäçe resminamasyna goşulmagyň mümkinçilikleri boýunça giňişleýin seljerme geçirendigi bellenip geçildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we salgyt ulgamyndaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz teklibi makullap, wise-premýere Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmak boýunça degişli işleri dowam etdirmelidigi barada tabşyryk berdi.

1961-nji ýylda esaslandyrylan Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy dünýäde ykdysady ösüşi hem-de halkara söwdany ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen ösen 38 döwleti birleşdirýän halkara guramadyr.

2022