Türkmenistanda seýsmiki howpsuzlyk barada Kanunyň taslamasy taýýarlanylýar

BT
Türkmenistanda seýsmiki howpsuzlyk barada Kanunyň taslamasy taýýarlanylýar
"Aşgabat" söwda-dynç alyş merkezi, Aşgabat şäheri, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan ýurduň seýsmiki taýdan howply sebitlerinde seýsmiki töwekgelçiligi azaltmaga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda esasy meseleleleriň biri hökmünde seýsmiki howpsuzlyk boýunça täze Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň duşenbe güni çykan sanynda habar berilýär. 

Bu strategiýa Türkmenistanda seýsmiki howpuň derejesini seljerýän degişli düýpli ylmy-barlag işleriniň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Täze Kanun seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Ol tebigy geologiki we tebigy-tehnogen hadysalaryň ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna, saglygyna we daşky gurşawa ýetirip biljek mümkin bolan täsirleriniň öňüni almaga niýetlenendir.

Maslahatyň dowamynda halkara hyzmatdaşlyk taslamalaryna aýratyn üns berildi. Hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallarynyň biri hökmünde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň goldawy bilen Aşgabatda seýsmiki gözegçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy görkezildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taýýarlanylýan täze Kanun ýurdumyzyň tebigy howplara durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň binýady bolup, seýsmiki howpsuzlyk ulgamynda toplumlaýyn hukuk we ylmy binýady döretmegi maksat edinýär.

2022