Eýranyň nebit däl önümleriniň Türkmenistana eksporty şu ýylyň birinji çärýeginde (Eýran senenamasyna görä, 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli döwür) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende pul serişdeleri boýunça 13,2%, agram taýdan bolsa 5,22% artdy. Bu barada anna güni “Trend” agentligi habar berdi.
Eýranyň Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, hasabat döwründe Eýran Türkmenistana takmynan 364 müň tonna haryt eksport etdi, bu bolsa takmynan 125 million ABŞ dollaryna deň boldy. Geçen ýyl şol döwür eksport edilen harytlaryň möçberi 346 müň tonna bolup, bahasy 110 million ABŞ dollary boldy.
Eksport edilen harytlaryň düzümine oba hojalyk we azyk önümleri, senagat harytlary, transformatorlar, sowadyjylar, nebit-himiýa önümleri we dürli derejedäki beýleki harytlar girýär.
Şu ýylyň birinji çärýeginde Eýranyň nebit däl önümleriniň eksportynyň umumy möçberi 34,5 million tonna deň bolup, bu eksportdan giren girdeji takmynan 11,7 milliard ABŞ dollary boldy.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


