Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan “Dalaşgär – 2025” Ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyran dalaşgärleriň san maglumatynyň aç-açanlygyny üpjün etmek maksady bilen dalasgar.bilim.tm atly täze interaktiw internet-platforma işe girizildi.
Täze sanly ulgam arkaly dalaşgärler her bir hünär we ýokary okuw mekdebi boýunça tabşyrylan resminamalaryň sanyny yzarlap bilerler, şeýle hem olaryň tabşyrylýan ýerleriniň geografiki ýerleşişi we dürli bilim ugurlary boýunça bäsdeşlik derejesi bilen tanyş bolup bilerler.
Internet sahypada ýerleşdirilen häzirki zaman statistik maglumatlar geljekki talyplar we olaryň maşgalalary üçin ýokary okuw mekdebini saýlamakda has oýlanyşykly kararlary kabul etmäge mümkinçilikleri berer.
Bu başlangyç kabul ediş möwsüminiň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň hünär ugruny saýlap almaklaryna ýardam bermäge we Türkmenistanyň bilim ulgamynda açyk maglumat giňişligini döretmäge gönükdirilendir.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





