Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gazna Saglygy goraýyş ministrligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gazna Saglygy goraýyş ministrligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekmek dabarasy, 2025-nji ýylyň 22-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Watan habarlary)

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirilip, onuň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekmek boldy.

Resminama ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegini, howandarlyga mätäç çagalara degişli operasiýalaryň, sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegini hem-de döwrebap lukmançylyk tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmeginde saglygy goraýyş ulgamynda taraplaryň hyzmatdaşlygyny berkidýär. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar soňky otuz ýylyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylyp, lukmançylyk infrastrukturasynyň ösdürilmegi netijesinde halkara görkezijilerine laýyk gelýän bejeriş usullarynyň ornaşdyrylandygyny belläp geçdiler.

Gol çekilen ylalaşyk Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrüň talabyna laýyk gelýän häzirki zaman çemeleşmelere hem-de ynsanperwerlige ýugrulan milli däp-dessurlara esaslanyp ösdürilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

2022