Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýeti şu ýylyň 23–28-nji iýuly aralygynda Gorno-Altaýsk şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşar. Bu barada sişenbe güni Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň we Belarusyň wekiliýetleriniň, şeýle-de Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahat daşky gurşawy goramak babatda sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljak merkezine öwrüler.
Halkara ekologiýa maslahaty durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk we sebitde tebigaty goramak meselelerine bagyşlanar.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





