ÝTÖB bilen MASEM Türkmenistanda galyndylary dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BT
ÝTÖB bilen MASEM Türkmenistanda galyndylary dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
ÝTÖB-niň we MASEM-iň wekilleriniň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 22-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: MASEM)

Aşgabat şäherindäki Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş Bankynyň (ÝTÖB) wekilhanasynyň edarasynda sişenbe güni iş duşuşygy geçirilip, onda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow galyndylary durnukly dolandyrmak ulgamynda ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi. Bu barada Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyga Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow, şeýle hem ÝTÖB-iň wekilleri — şol sanda bankyň Türkmenistandaky wekili Erika Liwni, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hünärmeni Benjamin Pil we sebitleýin syýasat hem-de durnukly ösüş boýunça beýleki bilermenler gatnaşdylar.

Mergen Kepbanow Türkmenistanda bu meseläniň wagtynda gozgalýandygyny belläp, 2015-nji ýyldan bäri hereket edýän “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we degişli kadalaşdyryjy resminamalara ünsi çekdi. Ulgamyň düýpli we toplumlaýyn esasda ösdürilmeginiň zerurdygy hem nygtaldy. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan galyndylary dolandyrmak boýunça taýýarlanan tematiki ýygyndynyň öňki taslamasy barada agzalyp geçildi.

ÝTÖB-niň wekilleri daşky gurşawy goramak boýunça täze bäş ýyllyk strategiýasynyň taýýarlanylyşy bilen tanyşdyrdylar. Bu ugurda bank Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň ileri tutýan ugurlaryna, bilermen mümkinçiliklerine hem-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly ugurlara gyzyklanma bildirdi.

MASEM — bu Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezidir. Bu gurama Merkezi Aziýa ýurtlarynda daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ekologik başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirýär.

2022