Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işlerinde täze üstünlikleri, özbek halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Taraplar şu ýylyň aprelinde Samarkantda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada özbek-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ugurlaryň ýokary depginde ösýändigi, kärhanalaryň we işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Söhbetdeşler halkara we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Hususan-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





