2025-nji ýylyň 25-nji iýulyndan başlap, "Türkmenistan" awiakompaniýasy täze içerki uçuş tertibini güýje girizýär. Täze tertip gatnawlaryň ýygylygyny artdyrmak we sebitleriň arasynda göni howa baglanyşygyny üpjün etmek arkaly ýolagçylara giň mümkinçilikleri hödürleýär. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
Täze tertibe laýyklykda, Aşgabat – Daşoguz ugrunda günde 7 uçuş, Aşgabat – Türkmenabat ugrunda günde 6 uçuş ýerine ýetiriler. Aşgabat – Mary we Aşgabat – Balkanabat ugurlary boýunça bolsa hepdäniň günlerine baglylykda dürli ýygylykda 4 uçuş meýilleşdirilýär. Balkanabat ugrunda T5-253 belgili howa gämisi her gün sagat 10:00-da ugrar.
Şeýle hem täze tertipde ilkinji gezek welaýat merkezleriniň arasynda göni gatnawlar girizilip, welaýatlaryň arasynda gönüden-göni syýahat etmäge mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da, Aşgabat – Kerki ugrunda hem dürli ýygylykda 4 uçuş amala aşyrylar.
Uçuş wagtlarynyň üýtgäp bilýändigi sebäpli, ýolagçylara syýahatlardan öň resmi web sahypadaky täzelikler bilen tanyşmak maslahat berilýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


