Türkmenistanda 247 raýatyň günäsi geçildi

BT
Türkmenistanda 247 raýatyň günäsi geçildi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli 247 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Günäsi geçilen raýatlar barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Begenç Gündogdyýew hasabat berdi.

Döwlet baştutany hasabaty diňläp, toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti tussaglykdan boşadylan raýatlara, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegi, halal zähmet çekmegi we öz zähmetleriniň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine garalyp geçildi.

2022