“Berk önüm” hususy kärhanasy bilen “Intago Gazagystan” kompaniýasy polietilen we polipropilen haltalarynyň iberilmegi barada ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada duşenbe güni Gazagystanyň Senagat we gurluşyk ministrligi habar berdi.
Ylalaşyk Aşgabat şäherinde Gazagystanyň işewürler wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Gazagystanyň Senagat we gurluşyk ministrliginiň Senagat komitetiniň başlygynyň orunbasary Muhammet Andakowyň ýolbaşçylygynda baglaşyldy.
Işewürler wekiliýetiniň düzümi maşyn gurluşygy, awtoulag gurluşygy, dag-metallurgiýa, ýeňil senagaty we gurluşyk senagaty ýaly möhüm pudaklarda, şeýle hem beýleki ugurlarda iş alyp barýan takmynan 20 kompaniýanyň wekillerinden ybarat boldy.
Wekiliýetiň agzalary “Gök Saraý” hususy kärhanasy, “Aklar” dokma kompaniýasy we “Erte” fabrigi ýaly uly türkmen kärhanalarynyň işi bilen tanyşdylar. Saparyň dowamynda “B2B” kompaniýasy bilen türkmen kompaniýalarynyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar hem gurnaldy.
Muhammet Andakow Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary, Senagat we gurluşyk önümçilik, Demir ýol ulaglary ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen, şeýle hem “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem-de ýurduň söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşiklerde Türkmenistan we Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.








30437-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


