Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň durky täzelenen bölekleri ulanylmaga berler

BT
Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň durky täzelenen bölekleri ulanylmaga berler
Ahalteke atlary köçesi, Arkadag şäheri, Türkmenistan (Surat: awtoulag.gov.tm)

Durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir Kör şaýolunyň degişli bölekleri we olaryň birleşýän ýerinde gurlan täze köp zolakly köpri 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda açylyp ulanmaga berler. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni habar berildi.

Gökdepe we Keýmir kör şaýollary Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän demir ýol we awtomobil menzillerini birleşdirer.

Infrastrukturalaýyn taslamanyň amala aşyrylmagy şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ulag elýeterliligini ýokarlandyrmaga hem-de amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Täzeden abatlaýyş işleri ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn meýilnamanyň çäklerinde alnyp barylýar.

1-nji awgustdan başlap, gurluşyk-gurnama işleri bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň “Ahalteke atlary” şaýolunyň “Atly ýigit” we “Polatly” binalarynyň aralygynda awtoulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler.

2022