“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça howa gatnawlaryny girizýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça howa gatnawlaryny girizýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary

2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 1-nji sentýabry aralygynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy howa gatnawlaryny ýerine ýetirer. Gatnawlaryň doly tertibi bilen awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda tanşyp bolýar. Bu barada Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň resmi sahypasy habar berdi.

Howa gatnawlaryň täzelenen tertibine laýyklykda, Aşgabatdan Türkmenbaşa her gün birnäçe gatnaw ýerine ýetiriler: irden sagat 06:20-de, günortan 10:40-da we agşam 18:20-de.

Şeýle-de, duşenbe, sişenbe, çarşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 22:05-de, penşenbe güni bolsa 22:40-da gijeki gatnawlar hem meýilleşdirildi.

Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada bolan howa gatnawlary hem her günde üç gezek — sagat 08:30-da, 12:40-da we 20:30-da ýerine ýetiriler. Şeýle hem hepde günlerine baglylykda gijeki gatnawlar hem amala aşyrylar.

2022