AIMGB: Infrastrukturanyň ösmegi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldaýar

BT
AIMGB: Infrastrukturanyň ösmegi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldaýar
Aziýa infrastruktura maýa goýumlar bankynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Szin Liçun, LLDC3, 2025-nji ýylyň 6-njy awgusty, Awaza, Türkmenistan (Surat: THP)

Häzirki zaman infrastruktura deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Bu barada Aziýa infrastruktura maýa goýumlar bankynyň (AIMGB) Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Szin Liçunyň Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň ösüp barýan, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilen “tegelek stol” maslahatynda belläp geçdi.

Szin Liçunyň aýtmagyna görä, ulag, energetika we sanly infrastruktura ulgamlaryna goýulýan maýalar ykdysady ösüşe, söwdanyň ösmegine we maýa goýumlaryň gelmegine ýol açýar. Häzirki wagtda energetika we ulag taslamalary köplenç sebitleýin häsiýete eýe bolup, diňe ösüşi däl, eýsem ýurtlaryň arasyndaky durnukly arabaglanyşygy hem üpjün edýär diýip, bankyň ýolbaşçysy nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Infrastruktura ösüşi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň içerki we daşarky söwdasynyň işjeňleşmegine ýardam berýär, olary has bäsdeşlige ukyply hem-de maýa goýumlara açyk edýär diýip, AIMGB-niň başlygy belledi.

Şeýle hem, gara ýol, demirýol, energetika ulgamlary we sanly platformalar ýaly infrastruktura taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi sebitleýin arabaglanyşygyň giňeldilmegi we durnukly ykdysady ösüş üçin esas bolup durýandygy nygtaldy. Halkara ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygyň LLDC ýurtlaryna logistika päsgelçilikleri ýeňip geçmäge we dünýä bazarynda deň derejeli mümkinçiliklere eýe bolmaga giň ýol açýandygy bellenildi.

Çykyşynyň ahyrynda AIMGB-niň başlygy ulag infrastrukturasyny ösdürmäge we ykdysady ulgamyny birleşdirmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegini goldamakda bankyň ygrarlydygyny aýtdy.

Aziýa infrastruktura maýa goýumlar banky (AIMGB) 2016-njy ýylda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin gurnalan edaradyr. Bankyň merkezi Hytaýda, Pekin şäherde ýerleşýär. Häzirki wagtda AIMGB dünýäniň dürli sebitlerinden 100-den gowrak ýurtlary agzadyr.

2022